Türkiýäniň «Galatasaraý» futbol kluby jemgyýetçilik iýmiti ulgamyna çykmaga taýýarlanýar. Klubyň ýolbaşçylygy GS Store Cafe atly taslamany işläp taýýarlady, bu bolsa ýurduň ähli ýerlerinde kofehanalar toruny döretmegi göz öňünde tutýar.
HT Spor neşiriniň maglumatlaryna görä, «Galatasaraý» Türkiýäniň ähli 81 welaýatynda şeýle edaralary açmagy meýilleşdirýär. Göz öňünde tutulýan girdeji gazanmagyň görnüşi françaýzing esasyna daýanýar: maýa goýujylar 50 müň dollar töleg bilen brendi ulanmak hukugyny alyp bilerler.
Taslamanyň ilkinji tapgyrynda klub takmynan 150 million dollar möçberinde maýa çekmegi maksat edinýär. Geljekde bolsa klubyň söwda bölümini — Mağazacılık AŞ — 700 million dollar bahasy bilen biržada ýerleşdirmek meýilleşdirilýär, bu bolsa ýolbaşçylygyň hasaplamalaryna görä, klub üçin ep-esli maliýe serişdesi bilen üpjün eder.