Italiýada uly talaňçylyk boldy. Renuaryň, Sezannyň we Matissiň umumy bahasy birnäçe million ýewro bolan nakgaşlyk eserleri ogurlandy. Waka barada birnäçe gün soň belli boldy diýip, BBC teleýaýlymyna habar berdi.
Hususy muzeýden ogurlanan eserleriň arasynda nusgawy suratkeşler Pýer Ogýust Renuaryň «Balyklar», Pol Sezannyň «Üljeli natýurmort» we Anri Matissiň «Eýwandaky keniz gyz» atly işleri bar.
Talaňçylar dört eken. Olar ýüzleri nikaply birinji gatdaky zallaryň birine giripdirler we sungat eserlerini alyp, muzeýiň bagyna siňipdirler. Bularyň ählisi üç minutda bolup geçipdir. Hukuk goraýjylar talaňçylygyň oňat meýilleşdirilendigini we guralandygyny aýdýarlar.
Italýan habar beriş serişdeleri betpälleri duýdansyz işläp başlan duýduryş ulgamy ürküzen bolmaly, sebäbi olar dördünji suraty jaýyň içinde gyssanmaç galdyryp gidipdirler diýip ýazýarlar.
Häzirki wagtda polisiýa muzeýdäki we goňşy binalardaky wideogözegçilik kameralardaky ýazgylary öwrenýär.