Turkmenportal logo
Düýn 17:03
70727072
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň GDA-nyň ýanyndaky hemişelik wekili «Hatyn» memorial toplumyndaky çärä gatnaşdy

Türkmenistanyň GDA-nyň ýanyndaky hemişelik wekili, GDA gatnaşyjy döwletleriniň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň başlygy Nazarguly Şagulyýew 22-nji martda «Hatyn» memorial toplumynda geçirilen «Gel we tagzym et» (Приди и поклонись) atly çärä gatnaşdy.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berlişi ýaly, çäräniň dowamynda häkimiýet wekilleri, jemgyýetçilik we ýaşlar guramalary faşistik agressiýasynyň gurbanlarynyň hatyrasyny ýatladylar.

Ilki bilen, Balarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň adyndan «Baky alawyň» öňüne gül çemenini goýuldy.

Hatyra çäresine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Igor Petrişenko we Arkalaşygyň Tertipnamalaýyn hem-de beýleki edaralarynyň ýanyndaky gatnaşyjy döwletleriň hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň agzalary gatnaşdylar.

Hatyn obasyny indi Belarusyň kartalaryndan tapyp bolmaz. 1943-nji ýylda gitlerçiler ony 149 ýaşaýjysy bilen bilelikde ýakypdyrlar, olaryň 75-si çagalardyr.

Obanyň ýerinde wepat bolanlaryň hatyrasyna «Hatyn» memorial toplumy döredildi. Onuň açylyş dabarasy 1969-njy ýylda bolupdy.