Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa dostluk saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine özi üçin islendik amatly wagtda ýurda sapar bilen gelmäge iberen çakylyk hatyny gowşurdy. Bu barada TDH habar berdi.