Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi 15–22-nji fewral aralygynda Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gruziýadan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan gelen sekiz ýaş diplomaty «Diplomatlar üçin sosial ulgamlardan peýdalanmagyň usullary we etikasy» atly tanyşdyryş maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrdy.
Saparyň dowamynda ýaş diplomatlar Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalygy, tokaý we balykçylyk ministrliginiň, şeýle hem Ýaponiýa hökümetiniň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk saklamak gullugynyň wekilleri bilen duşuşdylar. Maksatnama gatnaşyjylar Ýaponiýanyň döwlet edaralarynyň kommunikasiýa işleri we başlangyçlary barada giňişleýin maglumat aldylar.
Sofiýa uniwersitetinde olar jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk nazaryýeti boýunça leksiýa diňläp, gyzgalaňly çekeleşiklere gatnaşdylar. Gruziýanyň Ýaponiýadaky ilçihanasyna guran saparlarynda bolsa ilçiniň öz tejribesi we sosial ulgamlary ulanmakdaky çemeleşmeleri bilen tanyşdylar.
Maksatnama gatnaşyjylar Ýaponiýanyň parlament binasyna, Imperator köşgüne, Çäk we garaşsyzlyk milli muzeýine, Tokionyň şäher dolandyryş binasyna baryp, ýurduň syýasaty we taryhy barada has giňişleýin maglumat aldylar.
Diplomatlar şeýle hem ýurt boýunça tanyşdyryş syýahatyna — Osaka we Kioto şäherlerinde saparda boldular — diýip, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň saýtynda habar berilýär.