Turkmenportal logo
Düýn 15:49
1629416294
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Makgregor oktagona dolanmagynyň mümkin boljak wagtyny aýtdy

Irlandiýaly garyşyk söweş sungaty boýunça söweşiji Konor Makgregor UFC-niň ýolbaşçylary bilen indiki tutluşygy barada gepleşikleri alyp barýandygyny mälim etdi. Makgregoryň sözlerine görä, onuň dolanmagy Ak tamda geçiriljek ýaryşda ýa-da promouşeniň ýakyn çäreleriniň birinde bolup biler. Takmynan möhlet — şu ýylyň tomsy.

37 ýaşly türgen MMA düzgünleri boýunça 2021-nji ýylyň iýul aýyndan bäri ýaryşlara gatnaşmaýar. Onuň soňky tutluşygy UFC 264-de amerikaly Dastin Porýe bilen bolupdy. Şol duşuşykda Makgregor aýagyna şikes ýetenligi sebäpli birinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňildi.

Irlandiýaly söweşijiniň sportuň garyşyk söweş sungaty görnüşinde gatnaşan tutluşyklarynda 22 ýeňşi we 6 ýeňlişi bar. Ol öň UFC-niň iki agram derejesinde — ýarym ýeňil (66 kg çenli) we ýeňil (70 kg çenli) derejelerinden çempionlyk guşagyny gazanypdy.