Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bilen Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasy (MOKF) küşt sportyny ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen Ähtnama gol çekdiler. Resminama Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň ýolbaşçysy Wepa Mälikgulyýewiň MOKF-nyň prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň senatory Sergeý Karýakin we federasiýanyň ýerine ýetiriji direktory Albert Minnullin bilen geçiren iş duşuşyklarynyň netijesinde gol çekildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini, bilelikdäki ýaryşlary we okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny guramagy, şeýle hem tälimçiler bilen türgenleriň arasynda tejribe alyşmagy ara alyp maslahatlaşdylar. Çagalar we ýetginjekler üçin küşt maksatnamalaryny ösdürmek, onlaýn-okuwlary ýola goýmak we türkmen küştçüleriniň Asian Chess League tapgyryndaky hem-de Russiýada geçirilýän beýleki ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti MOKF-sy tarapyndan guralan halkara «Russiýanyň küşt täji» festiwalynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna hem gatnaşdy. Ilkinji gezek geçirilen bu ýaryşa 20 daşary ýurt döwletinden wekiller gatnaşdy. Türkmenistanda bu ýaryşda daşary ýurtly gatnaşyjylaryň arasynda iň köp wekili bolan ýurt hökmünde çykyş etdi. Karýakin we Minnullin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ýaryşa ýokary derejede gatnaşandygy we goldaw berendigi üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdiler.