Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy hünäriniň 5-nji ýyl talyplary Daşoguz şäher Döwlet weterinariýa gullugynda tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylygynda geçýärler. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.
Tejribelik talyplaryň diňe nazary bilim bilen çäklenmän, geljekki hünär işlerinde zerur bolan amaly başarnyklary kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Habarda bellenilişi ýaly, talyplar weterinarçylyk işleriniň gündelik amaly ugurlary bilen ýakyndan tanyşýarlar. Önümçilik tejribeligi talyplara mallaryň saglygyny barlamak, bejeriş işlerini geçirmek, ýokanç keselleriň öňüni alyş çärelerini guramak we weterinar sanitar düzgünlerini berjaý etmek ýaly işleri durmuşa geçirmek başarnygyny berýär. Şeýle-de, talyplar ýüze çykýan keselleriň sebäplerini anyklamak, degişli bejeriş çärelerini işläp taýýarlamak we önümçilik şertlerinde dogry çözgüt kabul etmegi öwrenýärler.
Welaýat Döwlet weterinariýa gullugynyň Bakteriologiýa barlaghanasynda geçirilen barlag tejribesi has-da täsirli boldy. Bu tejribede talyplar mikrobedenlere bakteriologiki barlaglary geçirmek, barlaghana şertlerinde keseli anyklaýyş usullaryny öwrenmek, netijelere esaslanyp bejeriş we öňüni alyş meýilnamalaryny taýýarlamak we enjamlary ulanmak başarnyklaryna eýe boldular.