Turkmenportal logo
Şu gün 08:22
68006800
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene hüwdüsi — iň kämil eser» atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda häzirki döwürde gelin-gyzlaryň el hünäriniň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi baradaky çykyşlar diňlenildi.

Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabara artistleriň gatnaşmagynda taýýarlanan edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Onda ýurduň gelin-gyzlarynyň jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işleri, el hünäriniň nesilden-nesle geçirilmegi, edep-terbiýäniň, maşgala gymmatlyklarynyň ähmiýeti bilen baglanyşykly çykyşlar öz beýanyny tapdy.