Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen London uniwersitet kollejiniň (UCL) Arheologiýa instituty ýurduň arheologik mirasyny öwrenmek we gorap saklamak ugrunda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Resminama Beýik Britaniýa bolan saparyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň UCL-iň professory Timoti Wilýams bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen tarapy Wilýamsyň Türkmenistanyň ýadygärliklerini, şol sanda gadymy Merwi öwrenmäge goşan köp ýyllyk goşandyny belläp geçdi. Taraplar bilelikdäki ylmy barlaglaryň hem-de muzeý-sergi hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtadylar.
Ylalaşyk bilelikdäki ekspedisiýalary geçirmegi, ylmy barlaglary ösdürmegi we hünärmenleri taýýarlamagy göz öňünde tutýar.