Hytaýyň smartfon öndürijisi Meizu 2026-njy ýylyň mart aýynda ykjam enjamlaryň çykarylyşyny bes etmegi meýilleşdirýär — diýip, «Interface News» işewürler neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, habar berýär.
Neşiriň ele salan maglumatlaryna görä, Meizunyň esasy kompaniýasy — awtoulag konserni Geely toplanan zyýanlar sebäpli smartfon pudagyna maýa goýumlaryny bes etmek kararyna gelipdir. Şol bir wagtyň özünde awtoulag maglumat ulgamlaryny işläp taýýarlaýan Meizu Auto bölümi adaty tertipde işini dowam etdirer. Meizu brendi bolsa Geely brendiniň eýeçiliginde galýar.
Kompaniýadaky çökgünlik ýagdaýyň alamatlary 2025-nji ýylyň maý aýynda ýüze çykyp başlapdy: şol wagt birnäçe ýokary derejeli ýolbaşçylar işden gidipdi, şeýle hem üpjün edijilere töleglerde kynçylyklar ýüze çykypdy. «IT Home» neşiriniň maglumatlaryna görä, mümkin bolan çaklamalaryň biri kompaniýanyň batanlygy baradaky seljerilme işidir, ýöne bu barada resmi beýanat entek berilmeýär.
Ýagdaýy bazardaky düzüm bölekleriň ýetmezçiligi hem çylşyrymlaşdyrdy. 2026-njy ýylyň ýanwarynda Meizunyň marketing direktory Wan Çžisýan düzüm bölekleriň ýetmezçiligi sebäpli Meizu 22 Air modeliniň çykarylyşynyň ýatyrylandygyny mälim etdi. Şol bir wagtyň özünde öňdebaryjy Meizu 23 smartfonyň çykarylmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Meizu — Hytaýyň smartfon bazarynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biridir. 2022-nji ýylda kompaniýanyň gözegçilik edýän paýnamalaryny Geely satyn alyp, awtoulaglar bilen ykjam enjamlaryň arasynda ekoulgam döretmegi maksat edinipdi.