Belarussiýanyň Litwa bilen serhediniň golaýyndaky Weseluha (Gyzyklyja) obasy eýesiniň ol ýerde agro-mülk döretmek synanyşygy şowsuz tamamlanansoň, satylýar. Bu barada gozgalmaýan emläkleriň satuwy boýunça portalyň maglumatlaryna salgylanýan «Ria.ru» habar berdi.
«Ajaýyp tebigatly ýerde üç howludan ybarat bolan hususy eýeçilikdäki tutuş oba otuz üç müň belarus rubluna ýa-da takmynan 10524 amerikan dollaryna satylýar» diýlip, bildirişde aýdylýar.
Gyzyklyja Postawa şäherinden bäş we Litwa bilen serhetden 20 kilometrlikde tokaýyň gyrasynda, derýanyň ýakasynda ýerleşýär. Onda üç sany ulanylmaýan öý we guýy bar. Lagym ulgamy bolmadyk, elektrik togy çekilen öýler peç bilen gyzdyrylýar.
Ýerli neşiriň ýazmagyna görä, obanyň häzirki eýesi ol ýeri hususy eýelerinden oba hojalyk mülküni döretmek maksady bilen satyn alypdyr, emma taslamany amala aşyryp bilmändir.