Turkmenportal logo
Şu gün 09:19
28252825
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky 2025-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň gazananlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda gibrid görnüşde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky mejlisi geçirildi.

25-nji fewralda mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Çäre 2025-nji ýylda alnyp barlan bilelikdäki işleriň jemlerine, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna we bilelikdäki iş meýilnamalaryna bagyşlandy.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa mejlisde çykyş etmek bilen hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň ulgamynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän esasy strategik resminamadygyny belledi.

Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar Çarçuwaly maksatnamany amala aşyrmakda gazanylan esasy üstünliklere seretdiler, Türkmenistan bilen BMG-niň mundan beýläkki özara hyzmatdaşlygynyň meselelerini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem maksatnamalaýyn işleri meýilleşdirmegiň we Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekde gazanylan ösüşe baha bermegiň esasy bolup hyzmat edýän Umumy ýurt seljermesiniň netijeleri bilen tanyşdylar.

Türkmen tarapy bilelikdäki işleriň iň esasylarynyň biri hökmünde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp Aşgabatda geçirilen Halkara forumyň çykyş edendigi tassyklady.