BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanda ýokanç däl kesellere garşy göreşmekde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine goldaw bermek maksady bilen, derman serişdeleriniň yzygiderli üpjünçiligini dowam etdirýär. Bu üpjünçilik Türkmenistan tarapyndan doly maliýeleşdirilmeginiň esasynda amala aşyrylýar.
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we bejermek üçin derman serişdeleri bilen üpjün etmek baradaky Ylalaşygyň çäklerinde BMGÖM onkologiýa we gematologiýa kesellerini bejermek üçin nobatdaky derman serişdeleriniň tapgyryny getirdi.
BMGÖM-nyň metbugat beýannamasynda bellenilişi ýaly, täze tapgyrda Ministrlige şu derman serişdeleri tabşyryldy:
Paklitaksel
Immunoglobulin
Adam ganynyň VII uýama faktory
L-asparaginaza
Metotreksat
Trastuzumab
Rituksimab
Hlorambusil
Gidroksikarbamid
Bu üpjünçilik giň möçberli taslamanyň bir bölegi bolup, onuň çäklerinde BMGÖM her ýyl ýurduň saglygy goraýyş ulgamyna takmynan 60 görnüşde derman serişdelerini berýär. Bu bolsa onkologiýa we gematologiýa kesellerinden ejir çekýän näsaglaryň bejergä elýeterliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
2021-nji ýyldan bäri BMGÖM ýokanç däl keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça taslamalary Türkmenistanyň doly maliýeleşdirmeginiň esasynda amala aşyrýar.