Turkmenportal logo
Düýn 09:12
93279327
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Colvir Türkmenistanda bank tehnologiýalary boýunça ilkinji garyşyk maslahaty geçirdi

Colvir Software Solutions kompaniýasy — 25 ýyldan gowrak tejribesi bolan halkara derejeli bank IT çözgütleriniň işläp taýýarlaýjysy — Türkmenistanda ilkinji onlaýn görnüşdäki maslahaty geçirdi: Colvir Live: Bank Technologies. Bu çäre garyşyk formatda geçirildi: oňa gatnaşyjylaryň käbiri ofis-edaralaryndan ýa-da uzak aralykdan göni ýaýlym arkaly baglanyşdy, hususan-da, isleg bildirýänler üçin Aşgabatdaky Regus iş merkezinde offline görnüşdäki meýdança gurnaldy.

Çäräniň esasy maksady bank tehnologiýalarynyň ösüşine we Colvir kompaniýasyna degişli täzelenmeleriň halkara banklarda 2026-njy ýyldan başlap ornaşdyrylmaga meýilleşdirilýän täze önümleriň işjeňleşdirilmegine bagyşlandy. Işjeň maksatnamanyň çäklerinde, hususan-da, bank ulgamynyň merkeziniň işewürligini ýokarlandyrmaga, howpsuzlyk we maglumatlary dolandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

 Göni ýaýlymda Colvir kompaniýasynyň bilermenleri tarapyndan hödürlenen esasy meseleler: 

  • Mobil banking ulgamynyň häzirki meýilleri we kynçylyklary;

  • DBO kanallarynyň ösüşi we no-code platformasynyň esasynda fiziki şahslara degişli ykjam programma mümkinçilikleri;

  • Colvir 3.1 Howpsuzlyk serweri arkaly ulanyjy maglumatlaryny goramak boýunça çözgütler;

  • Smart Data Hub progarammasynyň görkezilişi;

  • Colvir ABS ulgamynyň merkeziniň howpsuzlyga, durnuklylyga we giňeldilmäge gönükdirilen esasy gutarnykly işlemeleri. 

Çäräni guraýjylar maslahatyň ikitaraplaýyn işjeň ýagdaýda geçmegine ünsi jemlediler: gatnaşyjylar ses bermeklige, testlere we soraşmalara jogap bermeklige gatnaşdylar. Maslahatyň şeýle görnüşde alnyp barylmagy diňe täzelenmeleri görkezmek bilen çäklenmän, banklar we olaryň müşderileriniň dürli isleglerine jogap bermek, şeýle hem Türkmenistandaky sanly kanallaryň geljekdäki ösüşini kesgitlemek üçin ýönekeý we täsirli mümkinçilik döretdi.

Maslahatyň çäklerinde Colvir 2026-njy ýylyň mart aýynyň 30-dan aprel aýynyň 3-ne çenli Aşgabatda Colvir Camp atly okuwy geçirmek boýunça teklip berdi. Bu okuwyň temasy «Müşderiler we hasaplar. Hasaplaşyk we kassa amallary» bolup, nazary we amaly sapaklary öz içine alýar. Bu çäre Colvir kompaniýasynyň Türkmenistandaky bank hünärmenleriniň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen amala aşyrylýan uly çäräniň bir bölegi bolup durýar.

Özbaşdak bölüm hökmünde kompaniýanyň 2025-nji ýyldaky webinar işjeňliginiň jemleri beýan edildi. Colvir kompaniýasy yzygiderli onlaýn duşuşyklary gurap, 2024-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň banklarynyň islegleri boýunça ýörite webinarlaryň tapgyryny geçirdi. Colvir Webinar Activity maksatnamasynyň çäklerinde 2025-nji ýylda gatnaşyjylar webinarlara, testlere we sorag-jogap alyşmalara işjeň gatnaşandyklary üçin Colvir coins hasaplamalaryna eýe boldular. Türkmen hünärmenleri, kompaniýanyň şahamçalary bolan ähli ýurtlaryndan, şol sanda Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan, Täjigistandan we Gruziýadan öňe saýlanyp,rekord netijeleri görkezdiler.

Maslahat Colvir-iň ilkinji gezek garyşyk görnüşde geçiren çäresi boldy, onlaýn ýaýlym we Aşgabatdaky offline görnüşdäki meýdança birleşdirildi. Şeýle ýörelge tehniki şertlere bagly bolmazdan, gatnaşyjylara amatly gatnaşmaklygy we aragatnaşykda howpsuzlygy üpjün etdi. Çäräniň netijelerine görä, türkmen banklarynyň wekilleri gepleşikleriň geçirilen görnüşine we meýilnamasyna oňat baha berip, onlaýn gatnaşmagyň wagty tygşytlamaga, dürli bölümleriň toparlarynyň gatnaşmagyny ýeňilleşdirmäge we hünärmenler bilen aragatnaşygy has elýeterli etmäge kömek edýändigini belläp geçdiler.

Colvir Software Solutions kompaniýasy barada

2000-nji ýylda Angliýada esaslandyrylan Colvir Software Solutions kompaniýasy maliýe we ykdysadyýetiň awtomatlaşdyrylmagyna degişli giňişleýin çözgütleri hödürleýär. 2008-nji ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýan kompaniýa, ýurduň 80%-den gowrak bankyna hyzmat edip, sanly maliýe gurallarynyň we hünärmenler jemgyýetiniň ösüşine ýardam edýär.