Turkmenportal logo
17.02.26
1363313633
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birinji «ÝB – Türkmenistan» işewürlik forumy 26-njy martda Aşgabatda geçiriler

Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky ilkinji ikitaraplaýyn işewürlik forumy 26-njy martda Aşgabatda geçiriler. Bu barada ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa habar berdi.

«26-njy martda Aşgabatda «ÝB – Türkmenistan» işewürlik forumy geçiriler. Bu ilkinji ikitaraplaýyn biznes forum bolar. Biz gatnaşmak isleýänleriň örän köpdügini bilýäris. Şol sanda foruma söwda we pudaklaýyn birleşmeleriň wekilleri gatnaşarlar. Biz bu ýerde bolmaga örän gyzyklanma bildirýäris» diýip, ol Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetleriniň bilelikdäki brifinginde aýtdy.

Ilçiniň aýtmagyna görä, forum ykdysady gatnaşyklary berkitmäge we iki tarapyň hususy pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle-de B.Peksa 2025-nji ýylyň özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynda, şol sanda ulag ulgamyndaky arabaglanyşyk, söwda we «ýaşyl» geçiş ýaly pudaklarda uly netijeleri berendigini belledi.

Brifing ÝB we Türkmenistanyň 2025-nji ýyldaky hyzmatdaşlygynyň netijelerine we 2026-njy ýyl üçin strategik ileri tutulýan ugurlara bagyşlandy. Çärä Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň ilçileri, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, raýat jemgyýetiniň guramalary we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamalary amala aşyrýan hyzmatdaşlar gatnaşdy.