Turkmenportal logo
Şu gün 00:48
1333613336
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

O.Hojanazarow pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu barada Hökümetiň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu wezipä P.Kakabaýew bellenilip, ol «Arkadag» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Arkadag» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bolsa K.Nepesow bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminamalara mejlisiň dowamynda gol çekdi.