Turkmenportal logo
13.02.26
3653636536
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadyldy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Aşyrguly Begliýew pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadyldy.  Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinden 2023-nji ýylyň 10-njy fewraly aralygynda Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesini ýerine ýetirdi. Ol soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesinde işledi. 2023-nji ýylyň maý aýynda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenilipdi.