Turkmenportal logo
Düýn 22:37
1140411404
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi
Surat: Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan wezipelere, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi.

Hökümetiň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow birnäçe resminamalara gol çekdi.