BMW nemes konserni dürli kysymdaky awtoulaglarynyň köp bölegini aňrybaş derejede ot almak töwekgelçiligi sebäpli yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Bu barada «Bild» neşirine salgylanýan «Belta.by» portaly habar berdi. Netijede, Germaniýada 28 582 awtoulag yzyna çagyrylar. Ýöriteleşen «kfz-betrieb» žurnalynyň habaryna görä, gürrüň dünýädäki 575 müň ulag barada barýar. Kompaniýada takyk sany aýtmaýarlar, emma munuň ýüz müňlerçe ulag baradadygyny tassyklaýarlar.
Barlaglar wagty kompaniýa tarapyndan hereketlendirijiniň köp gezek işe goýberilmeginden soňra magnitli işlediji hatardan çykyp biljekdigi we awtoulag işe goýberilende kynçylyga eltip ýa-da ulagy doly işledip bolmazlyga getirip biljekdigi anyklandy. Galyberse-de, startepiň ýerli gyzmagyna sebäp boljak gysga utgaşma hem aradan aýrylmaýar. Iň ýaramaz netijede bu ulagyň hereket wagty ot almagyna sebäp bolup biler.
Sanalyp geçilen kynçylyklaryň 2020-nji ýylyň iýulyndan 2022-nji ýylyň iýulyna çenli döwürde çykarylan ulaglara degişlidigi habarda bellenýär. Olaryň arasynda «Coupe», «Gran Turismo», «Limousine», şeýle-de BMW X4, X5, X6 и Z4 kysymlary bar. Ulag eýelerine ulag serişdeleriniň identifikasiýa belgilerini BMW kompaniýasynyň resmi saýtynda barlamak maslahat berilýär.