Turkish Airlines awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 11-nji martyndan başlap Stambul bilen Ýerewanyň arasynda yzygiderli howa gatnawlaryny täzeden ýola goýýar we uçuşlaryň sanyny tapgyrlaýyn artdyrmagy meýilleşdirýär. Iýun aýynyň ortalaryna çenli hepdelik uçuşlaryň sany 14-e ýetiriler.
Başlangyç tapgyrda awiakompaniýa hepdede ýedi uçuşy amala aşyrar. 14-nji maýdan başlap uçuşlaryň sany 10-a ýetiriler, 15-nji iýundan bolsa Turkish Airlines bu ugur boýunça günde iki gezek uçuş hyzmatyny ýola goýar. Agşamky TK358 gatnawynyň uçary Stambuldan ýerli wagt bilen sagat 21:45-de, gijeki TK360 gatnawynyň uçary bolsa 02:00-da ugrar.
Tomusky tertibe geçmek 29-njy marta meýilleşdirilýär. Şäherleriň arasyndaky uçuşyň dowamlylygy takmynan üç sagada deň bolar. Uçuş maksatnamasynyň giňeldilmegi Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda barha artýan ýolagçy akymyny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.
Star Alliance halkara awiakompaniýalar birleşiginiň agzasy bolan Turkish Airlines 1933-nji ýylda bäş uçardan ybarat kiçi flot bilen döredilipdi. Häzirki wagtda onuň flotunda ýolagçy we ýük uçarlaryny öz içine alýan 519 howa gämisi bolup, kompaniýa dünýäniň 132 ýurdunyň 356 ugur boýunça (şol sanda 303 halkara we 53 içerki ugurlara) uçuşlary amala aşyrýar.