Turkmenportal logo
Düýn 16:36
1004510045
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sentýabrda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyndaky ilkinji sammit geçiriler

Şu ýylyň sentýabr aýynda Koreýa Respublikasynyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň gatnaşmagynda ilkinji sammit geçiriler.

Bu barada Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, «Report» azerbaýjan saýty habar berdi.

Sammitiň 16-17-nji sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Ço Hýon taýýarlyk duşuşygynda bu sammitiň ýurduň sebitdäki diplomatik ornuny giňeltmek üçin möhüm mümkinçilik boljakdygyny nygtady.

«Bu strategiýa Ýewraziýada parahatçylyk we bilelikdäki abadançylyk konsepsiýasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir» diýip, ol belledi.

Ministriň aýtmagyna görä, sammit diňe bir özara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, üpjünçilik zynjyrlaryny diwersifikasiýa etmek we sebitdäki etniki koreý jemgyýetleri bilen gatnaşyklary berkitmek ýaly ugurlarda bilelikde işlemegiň binýadyny döreder.