Turkmenportal logo
Düýn 11:46
1284312843
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Owganystanyň kompaniýalary türkmen biržasynda gaz we karbamid satyn aldylar

12-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşarky we içerki bazarlarda söwdalaşyklar geçirildi. Söwdalaryň netijesinde umumy bahasy 10 048 900,00 manada we 1 129 700,00 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan dört geleşik baglaşyldy.

Daşarky bazarda Owganystanyň işewürleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy we «B» kysymly karbamidi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça, şeýle hem hususy telekeçiler bilen plastik astlyklary satyn almak barada geleşik baglaşdylar.