Turkmenportal logo
Düýn 11:26
69716971
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşoguzdaky pagta egriji fabrike bir aýda 2 million manatlyga golaý önüm öndürildi 

Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji fabriginde 2025-nji ýylda 1600 tonnadan gowrak önüm öndürildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, gaýtadan işlenilýän pagta süýüminden dürli belgili nah ýüplükler, pamyk we pamyk önümleri öndürilýär. Ýanwar aýynda dürli belgili nah ýüplükleriň 60, pamyk we pamyk önümleriniň 33 tonnasy öndürildi. Şunlukda, nah ýüplük öndürmek boýunça 100 göterimden gowrak, pamyk we pamyk önümlerini öndürmek babatda 110 göterim ösüş gazanyldy.

2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň dowamynda 1 million 782 müň manatlyk önüm öndürilip, önümleriň sarp edijilere ýetirilişi babatdaky ösüş 123 göterime barabar boldy.

Bazar ykdysadyýetiniň talaplaryndan ugur alnyp, önümleriň ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Önümçiligiň doly awtomatlaşdyrylmagy, 240-dan gowrak hünärmen-işçiniň yhlasly zähmetiniň utgaşykly ýola goýulmagy önümleriň hiline, öndürijiligiň depginine oňyn täsir edýär. 

Kärhananyň 3 önümçilik bölüminde ýokary hilli nah ýüplükleriň dürli görnüşi, mebel pamygy, arassalanan pagta galyndysy ýerli we daşarky bazarlaryň sarp edijilerine bökdençsiz ugradylýar.