Italiýada erkek kişi ýalňyşlyk bilen 20 sany guýma altyny zibilhana taşlady, olaryň umumy bahasy 120 müň ýewro deňdir diýip, ANSA agentligi habar berdi.
Waka Torre-Lapilloda boldy. 57 ýaşly ýerli ýaşaýjy birnäçe ýyllap süýşüren pullaryň hasabyna edinen, içinde 20 sany guýma altyn ýerleşdirilen demir gutyny zibilhana atdy. Ol ertesi öz ýalňyşyny anyklap, polisiýa ýüz tutýar. Hukuk goraýjylar wideogözegçilik kamerasyndaky ýazgyny görüp, onuň dogry sözleýändigini anyklapdyrlar.
Şol wagta çenli gutular eýýäm Ujentodaky zibilhana äkidilen ekeni. Gözleglerden soňra demir ol tapylyp, kanuny eýesine gaýtarylypdyr.