16–22-nji fewral aralygynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Milli kino hepdeligi geçiriler.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan maksatnama ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen kinolentalaryň görkezilişini, tematik maslahatlary hem-de konsert çykyşlaryny öz içine alar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Kino hepdeligi paýtagtyň esasy medeni ojaklarynda — «Aşgabat» kinoteatrynda, «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde, şeýle hem Mukamlar köşgünde geçiriler.