Afrikanyň ilatynyň 20 göterime golaýyna ýa-da 300 million adama arassa we howpsuz içimlik suw elýeterli däl. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary we BMG-niň Afrika üçin ykdysady geňeşiniň ýerine ýetiriji sekretary Klawer Gatete Addis-Abebede geçen Afrika bileleşiginiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 48-nji ýygnagynyň açylyşynda eden çykyşynda aýtdy. Ýolbaşçynyň çykyşy guramanyň saýtynda göni alnyp görkezildi.
Afrika bileleşigi üçin 2063-nji ýyla çenli Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmekde suwa we howpsuz arassaçylyk ulgamlaryna durnukly elýeterliligi üpjün etmeklige degip geçmek bilen, Gatete suwuň we arassaçylygyň diňe durmuş hyzmatlary däl-de, ykdysady infrastrukturadygyny nygtady. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, suw arkaly geçýän ýokanç keseller bilen baglylykda, Afrika sebitinde her sagatda 115 töweregi adam heläk bolýar. Ýaramaz suw üpjünçiliginiň zähmet öndürijiligini peseldýändigini, saglygy goraýşa çykdajylary artdyrýandygyny we maýa goýumlara päsgelçilik döredýändigini nygtan Gatete bu ugurda zerur çäreleri görmäge çagyrdy.