Aşgabatda guralan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady. Doganlyk ýurduň öňdebaryjy önüm öndürijilerini bir ýere jemlän giň möçberli ykdysady forum Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini tassyklaýan waka hökmünde kabul edilýär.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, sergä gatnaşýan türk kompaniýalarynyň sanawy dünýäde ygtybarly hyzmatdaş we daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemekleri üçin degişli kanunçylyk binýadyny döreden ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen dürli ugurlary öz içine alýan gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygyny äşgär etdi. Sergide Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlaryny görkezmek bilen birlikde, onda geljegi uly hasaplanýan ugurlar boýunça maslahatlaryň geçirilmegi hem-de onuň jemleri boýunça ylalaşyklaryň gazanylmagy boýunça pikir alyşmalaryň guralmagy bu çäräniň köptaraply häsiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Aşgabatda guralan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara degişli güwänamalaryň we diplomlaryň gowşurylmagy hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna badalga boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenmäniň kabul edilmegi bilen giňmöçberli sergi öz işini tamamlady.