Turkmenportal logo
12.02.26
1082210822
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Şweýsariýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky (rezidensiýasy Baku şäherinde ýerleşýän) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteli bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem konstruktiw we özara hormata esaslanýan dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklary nygtaldy.

Gepleşiklerde halkara we sebit düzümleriniň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Diplomatlar söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we şu ýylyň dowamynda bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça pikir alyşdylar.