9-njy fewralda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti H.Koýnuma hem-de bu assosiasiýa bilen bilelikde iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda iki ýurduň arasynda ozaldan ýola goýlan ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak we bu ugurda türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýän täze ýapon kompaniýalaryny tanyşdyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda suw arassalaýyş tehnologiýalaryny hem-de enjamlaryny ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanda degişli işleri alyp barmagy meýilleşdirýän «Tohkemy Corporation» ýapon kompaniýasynyň mümkinçilikleri, tehnologik teklipleri barada pikir alşyldy.
Mundan başga-da, duşuşykda ýerasty baýlyklary gözlemekde kwant duýujylygyny ulanýan ýokary takyklykly anyklaýyş tehnologik enjamlary öndürmäge, suwuklandyrylan gaz babatda kömürturşy gazyny bölüp aýyrmak tehnologiýalaryna ýöriteleşen «Sustec», «Carbon Cryo Capture Co., Ltd» ýapon kompaniýalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.