Turkmenportal logo
Düýn 18:02
1002310023
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanda gyz yzsyz ýitdi, onuň otagyndan ýylan gowuny tapdylar

Hindistanda gyz öýlerinden gaçdy, dogan-garyndaşlaryny aldawa salmak üçin bolsa otagynda ýylan gowuny galdyryp gitdi. Onuň syrly ýitirim bolşy barada «India Today» täzelikler portaly habar berdi.

Waka ýurduň Auraýýa okrugynda boldy. Ýerli gyz bir ýigide aşyk boldy, onuň üçin ene-atasyndan birugsat dogduk öýüni terk etdi. Emma gaçmazyndan öň öz ýatalgasynyň üstünde bir ýarym metrlik ýylan hamyny goýup gitdi, ony görüp, dogan-garyndaşlarynyň zähresi ýarylara geldi. Obada dessine myş-myşlar ýaýrady, adamlar gyzyň adatdan daşary güýçleriň bendisi bolup, mifiki ýylan-zenana, ýagny naguwa öwrülendigini gürrüň edýärdiler.

Emma hukuk goraýjylar bu çaklamany tiz inkär edip, munuň aşyk-magşuklaryň oňat meýilleşdiren gaçgakçylygydygyny aýtdylar. Ýagny gyz dogan-garyndaşlaryny we tertip-düzgüni goraýjylary azaşdyrmak üçin egin-eşikleriniň arasynda ýylan gowuny goýupdyr.

Polisiýa bölüminiň müdiri Ajaý Kumar bu gaçyşlygy hindi kinosyndan sahna meňzetdi. Ol öz işgärleriniň gyzy eltelefondan alnan maglumatlary seljermek arkaly dessine tapjakdyklaryna ynam bildirdi.