Turkmenportal logo
Düýn 17:59
84488448
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azerbaýjan we Türkmenistan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gizmet Gezalow Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar atçylyk pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini, hususan-da, garabag we ahalteke atlarynyň tohumlaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki tohumyň hem umumy taryhy kökleriniň bardygyny we iki halkyň medeni mirasynyň möhüm bölegidigini bellediler. Azerbaýjanda we Türkmenistanda bu atlar milli özboluşlylygyň nyşany hasaplanýar.

Taraplar atçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň Bilelikdäki hökümetara toparynyň teswirnamasynda berkidilendigini ýatlatdylar. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde atçylyk sporty we däp bolan at üstündäki oýunlary kämilleşdirmek, hünärmenleriň özara tejribe alyşmagy we iki tohumyň hem genofonduny gorap saklamak, ýaşlar üçin okuw-tejribe maksatnamalaryny döretmek we ylmy-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek.

P. Baýramdurdyýewiň geçen ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjana bolan saparynyň dowamynda 2026-njy ýylda Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Azerbaýjanda çykyşlaryny guramak barada ylalaşyk gazanylandygy aýratyn nygtaldy. Şeýle hem taraplar ahalteke we garabag atlarynyň bilelikdäki sergisini guramak mümkinçiliklerine seretdiler.

Duşuşygyň netijesi boýunça degişli Ähtnama gol çekmäge we halkara meýdançalarynda, şol sanda ÝUNESKO-nyň çäklerinde bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýarlyk görmek bellenildi.