Turkmenportal logo
Düýn 14:51
1073610736
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Britni Spirs özüniň ähli aýdym-sazlaryna hukugy satdy

Amerikaly pop-aýdymçy zenan Britni Spirs özüniň ähli saz katalogyna hukugy satdy diýip, BBC habarlar agentligine salgylanýan «Belta.by» belarus portaly habar berdi.

44 ýaşly aýdymçy zenanyň öz aýdym-saz eserlerine hukugy «Primary Wave» garaşsyz saz neşirýatyna 200 million dollara satandygy aýdylýar. Spirsiň wekilleri habary teswirlemekden ýüz dönderdiler.

Aýdymçy «Baby One More Time», «Oops!... I Did It Again», «Toxic» we «Gimme More» aýdymlary bilen meşhurdyr.

2024-nji ýylyň ýanwarynda Spirs gaýdyp saz senagatyna dolanyp gelmejekdigini habar beripdi. Onuň aýdymçy Elton Jon bilen bilelikde ýerine ýetiren aýdymy 2022-nji ýylda goýberildi. 1999-njy ýylda saz sungatyna geleninden bäri Britni Spirs dokuz studiýa albomyny çykardy. Onuň aýdymlarynyň 150 million diski dünýäde satyldy. 2023-nji ýylda «Mendäki zenan» ady bilen ýatlamalar kitabyny neşir etdirdi.