Turkmenportal logo
Düýn 12:48
1042910429
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýakyn geljekde türkmen-türk söwda dolanyşygy 5 milliard dollara ýetiriler

Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat ýakyn geljekde türkmen-türk söwda dolanyşygyny 5 milliard amerikan dollaryna ýetirmegiň esasy maksat bolup durýandygyny belledi. Ol bu barada Aşgabatda geçirilýän Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisinde eden çykyşynda mälim etdi.

Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň çäklerinde Aşgabada sapar bilen gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşdy.

Ö.Bolat geçirilen duşuşyk barada özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi.

«Doganlyk Türkmenistana amala aşyran saparymyzyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, jenap Nökerguly Atagulyýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdik. Türkmenistan bilen söwda we ykdysady ugurlara aýratyn üns bermek, şol sanda özara sergi çäreleriniň guralmagy we olara gatnaşylmagy, maýa goýum forumlary, pudaklaýyn paneller hem-de ikitaraplaýyn işewürlik duşuşyklarynyň guralmagy barada ylalaşdyk» diýip, Türkiýäniň söwda ministri ýazýar.

Bellenilişine görä, taraplar duşuşykda söwdadan gurluşyga, bilelikdäki maýa goýumlardan energetika, ulagdan syýahata çenli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda iki ýurduň gatnaşyklaryny has-da öňe sürmek ugrunda bilelikde işlemek barada ylalaşdylar.