Turkmenportal logo
Düýn 12:25
90279027
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Labubu» gurjaklarynyň satuwy bir ýylda 100 milliondan geçdi
Surat: Kazinform

Hytaýyň gurjak senagatynyň «Pop Mart» läheňi özüniň öňdebaryjy «Labubu» gurjaklarynyň satuwlarynyň rekord görkezijileri barada hasabat berdi. Geçen ýylyň jemleri boýunça bu brend astyndaky harytlaryň satuwy 100 million birlikden geçdi. Bu barada «Lianhe Zaobao» neşirine salgylanýan «Kazinform» habar berdi.

Kompaniýany esaslandyryjy Wan Nin korporatiw ýygnakda toparyň dizaýn gurjaklaryň ählumumy bazarynda uly orny eýeleýändigine güwä geçýän esasy netijeleri getirdi. Ýagny maglumatlara görä, hasabat döwründe önümiň ähli ugurlary boýunça satuwlaryň möçberi 400 million birlige deň boldy. «Pop Mart» toparynyň ygrarlylyk maksatnamasyna gatnaşyjylaryň hasaba alnan sany tutuş dünýäde 100 million adam deň boldy, kompaniýanyň işgärleriniň sany-da 10 müň hünärmene çenli köpeldi. Häzirki wagtda brendiň gurşap alýan geografiýasy 100-den gowrak ýurdy we sebiti öz içine alýar. Kompaniýa özüne 700 sany hususy dükanlary hem-de alty sany iri önümçilik-logistik şahamçany birleşdirýär.

Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, «Pop Mart» ählumumy üpjünçilik zynjyrynyň we ugurdaş pudaklaryň çarçuwasynda 200 müň adamyň iş bilen üpjünçiligini kemala getirýän ykdysadyýetiň garyşyk ulgamlaryna oňyn täsir edýär.