Turkmenportal logo
Düýn 10:53
1661116611
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan german kompaniýalaryna üstaşyr geçelgeleri ösdürmäge gatnaşmagy teklip etdi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň nemes işewür toparlarynyň wekilleri bilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmen tarapy öz çykyşynda german kompaniýalary we maliýe düzümleri bilen köpýyllyk oňyn hyzmatdaşlyk tejribesini aýratyn belläp geçdi. Şeýle hem German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetine işewür gatnaşyklary ösdürmek boýunça yzygiderli alyp barýan işleri, şol sanda 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Frankfurt şäherinde geçirilen «Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri» çäresini gurandygy üçin minnetdarlyk bildirildi.

Ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag we logistika, demir ýol infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ösdürilmegi, şeýle hem «Gündogar – Günbatar» üstaşyr geçelgeleriniň we Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän Orta geçelgäniň (Middle Corridor) kemala getirilmegine german kompaniýalarynyň gatnaşmagy görkezildi.

Şeýle hem energetika, şol sanda wodorod taslamalary we «ýaşyl özgerilişik», himiýa senagaty, dokmaçylyk, oba hojalygy, suw hojalygy, maglumat tehnologiýalary we emeli aň ugurlary geljegi uly bolan hyzmatdaşlyk ugurlary hökmünde görkezildi.

Maliýe-bank we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky üstünlikli hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy german kompaniýalary bilen ikitaraplaýyn esasda hem, «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatynyň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny beýan etdi.