Turkmenportal logo
Düýn 10:18
78627862
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Merkez Anadolu Kimya» kompaniýasy öz önümlerini türkmen bazaryna hödürleýär

Aşgabatda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň gatnaşyjylarynyň arasynda dökünleriň, pestisidleriň (mör-möjeklere garşy serişdeleriň) we tohumlyk materiallaryň önümçiligine ýöriteleşen «Merkez Anadolu Kimya» kompaniýasy hem bar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, kärhana özüniň giň söwda ulgamy hem-de takyk guramaçylyk gurluşy arkaly Türkiýäniň ähli sebitlerini öz içine alýar we öz önümlerini dünýäniň 20-den gowrak ýurduna eksport edýär.

Kompaniýanyň wekili Emil Myradowyň bellemegine görä, öndürijiniň strategik maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, aýratyn hem Türkmenistanyň bazaryna çykmakdan ybaratdyr.

Kompaniýa häzirki wagtda türkmen bazaryny işjeň öwrenýär we ýerli hünärmenler bilen hünär gatnaşyklaryny ýola goýýar. Şeýle hem, kärhananyň diňe bir täze ýewropa standartlaryny we tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrman, eýsem agronomlar üçin okuw maslahatlaryny we tejribe okuwlaryny hem guraýandygy bellenilip geçilýär.