Turkmenportal logo
Düýn 08:37
65546554
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljekki başlygynyň wezipesine üç dalaşgär hasaba alyndy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň başlygy wezipesi üçin üç dalaşgär bäsleşýär. Bu barada BA-nyň 80-nji sessiýasynyň başlygynyň edarasynyň wekili La Neýs Kollinz žurnalistlere habar berdi diýip, TASS ýazýar. 

Syýasatçy bu wezipä dalaşgärler hökmünde Bangladeşiň DIM-niň başlygy Tuhis Hosseniň, Kipriň daşary işler ministri Andreas Kakurisiň we Palestinanyň BMG-däki hemişelik synçysy Riýad Mansuryň atlaryny agzady.

Milletler Bileleşiginiň BA-nyň umumy düzgünlerine laýyklykda, edaranyň başlygy guramanyň agza-ýurdunyň wekili bolup biler. Emma 2024-nji ýylyň iýulynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Baş Assambleýa ýollan hatynda guramada synçy derejesine eýe bolan Palestinanyň wekilleriniň hem bu wezipä saýlanyp biljekdigini görkezipdi. 

Indiki başlygyň saýlawlary 2-nji iýuna bellendi diýip, Kollinz habar berdi.