Turkmenportal logo
11.02.26
1557915579
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Hazarnebitde» 13 müň tonna golaý nebit gazlyp alyndy

Balkan welaýatynyň edara-kärhanalary, önümçilik pudaklary ýylyň ilkinji aýynda ýokary ykdysady görkezijilere eýe bolmagy başardylar. Şolaryň hatarynda «Hazarnebit» döwlet kärhanasy-da bar.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, uglewodorod çig malynyň çykarylyşynyň möçberini artdyrmakda öňde goýlan wajyp wezipelere abraý bilen hötde gelýän kärhananyň merdana «gara altyn» ussatlarynyň hasabat döwründe gazyp alan çig malynyň mukdary 12 müň 519 tonna golaýlady. Munuň özi «gara altynyň» meýilnamada görkezilenden 210 tonna golaý köpdügini aňladýar.