Robot-tozan sorujylary we durmuş tehnikasyny öndürýän «Dreame» kompaniýasy Polşada özüniň ilkinji smartfonlarynyň birbada üç kysymy bilen tanyşdyrdy. Bu barada «Spidersweb» internet neşiri habar berdi.
«Dreame RS1» flagmon smartfony Qualcomm Snapdragon 8 Elite Gen 5 çipseti, 144 Gs ýygylykly displeýi, 7200 mAç sygymly kremniý-uglerod akkumulýatory bilen üpjün edilendir. Smartfon suwdan we tozandan gorag ulgamy bolan daşky korpusa we üç kamera eýedir. Bilermenler onuň ZTE Nubia Z80 Ultra smartfonynyň ekiztaýydygyny belleýärler.
Ikinji – «Dreame Air1» smartfonynyň galyňlygy 5,9 mm; agramy 172 grama deň. Üçünji kysym AMOLED-displeýli «Dreame E1» býujet smartfondyr. Onuň täzeleniş ýygylygy 120Gs we 108 Mp kamerasy bar.
Polşada satuwlar badalga alandan soňra kompaniýa ony beýleki Ýewropa bazarlaryna hem çykarmakçy. Enjamlaryň bahasy we satuwlaryň başlanjak möhleti heniz belli däl.