«MrBeast» diýen at bilen belli bolan YouTube-bloger Jimmi Donaldsona degişli «Beast Industries» kompaniýasy ýetginjeklere hem-de ýaş internet ulanyjylara ýöriteleşen «Step» bank priloženiýesini satyn alýandygyny yglan etdi. Geleşik ady tutulan blogeriň maliýe we maýa goýumlara bagyşlanan täze Youtube ýaýlymyny işe goýberýändigini yglan edenden soňra baglaşyldy. Bu barada «The Verge» neşiri habar berdi.
Donaldsonyň esasy ýaýlymynyň 466 million abunaçysy bolmak bilen, platformada iň meşhurlaryň biridir. Bideobloger özüniň roliklerinde ýygy-ýygydan köp möçberde pul paýlaýar. Mediataslamalardan başga-da, ol wirtual restoranlary, «Feastables» ýeňil naharlaryň brendini we ulanyşa goýbermäge taýýarlanylýan «Beast Mobile» ykjam aragatnaşyk gullugyny özünde jemleýär. «Step» internet bankynyň satyn alynmagy kompaniýanyň maliýe hyzmatlary ulgamyndaky ilkinji taslamasy boldy.
«Step» fiziki şahamçasyz ykjam bankdyr we ýetginjekler üçin niýetlenendir.