Turkmenportal logo
11.02.26
1272812728
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen BSGG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BSGG bilen ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialogyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirip, saglygy goraýyş ulgamynda bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary amaly taýdan ilerletmäge taýýardyklaryny tassykladylar.