Turkmenportal logo
11.02.26
1210712107
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşary ýurt kompaniýalary Türkmenistanyň biržasynda un we gaz satyn aldylar

10-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşarky we içerki bazarlarda söwdalar geçirildi.

Daşarky bazarda Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden 1-nji hilli bugdaý ununy, Owganystan döwletiniň işewürleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri bagladylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden «SN-180» kysymly başlangyç ýagyny, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy we Dokma senagaty ministrliginden dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 142 273 000 manada we 1 622 300 amerikan dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.