Turkmenportal logo
Şu gün 12:06
28202820
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Köneürgenç galla önümleri kärhanasynda unuň 3 müň tonnadan gowragy öndürildi

Daşoguz welaýatyň «Azyk» önümçilik birleşiginiň Köneürgenç galla önümleri kärhanasynda ýylyň başyndan bäri dürli görnüşli unuň 3 müň tonnadan gowragy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Kärhanada bugdaýy gaýtadan işläp, ilaty gündelik isleg bildirilýän azyk önümleri bilen üpjün etmekde netijeli işler alnyp barylýar. Aýratyn-da, kärhananyň çörek öndürýän bölüminde çörek we çörek önümleriniň 60 tonnasy öndürildi.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, ýanwar aýy boýunça 2 million 838 müň 700 manatlyk önüm öndürilip, bugdaý ununyň hem-de kepegiň, çörek we çörek önümleriniň öndürilişi babatda 100 göterimden gowrak ösüş gazanyldy. Gündelik öndürilýän çörek önümleriniň dürli görnüşleri gyzgyny bilen etrabyň çägindäki söwda nokatlaryna, çagalar baglaryna, harby bölümlere bökdençsiz ugradylýar.