Turkmenportal logo
Şu gün 11:00
43244324
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň baş konsuly Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy 
Surat: Surat: mfa.gov.tm

9-njy fewralda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky baş konsuly B.Kabaýewiň (Mazary-Şarif ş.) Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi Mohammad Ýusuf Wafa bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar dostlukly gatnaşyklaryň netijesinde durmuşa geçirilýän iri infrastruktura taslamalary, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr we energetika ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

Taraplar 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygaryna bagyşlanan hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurtda geçirilýän çäreler barada durup geçdiler.