Turkmenportal logo
Şu gün 08:58
59525952
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Somalide ýolagçy uçary heläkçilikli ýagdaýda gondy

Somalide 55 ýolagçyly uçar Hindi ummanynyň kenarynda howply gonuşy amala aşyrdy, ol germewi ýykyp, suwa gaçdy. Ýerli habar beriş serişdeleri hiç kimiň ejir çekmändigini, emma howa gämisiniň urgudan bir ganatyny ýitirendigini habar berdiler diýip, «MIR 24» ýazýar. 

Ýurduň paýtagty Mogadişodan Galkaýo şäherine uçuşy amala aşyrýan howa gämisi asmana galandan soňra ekipažyň ýolbaşçysy tehniki näsazlygy tapdy we yzyna dolanmakçy boldy. Şunlukda, gonuş wagty uçar uçuş-gonuş zolagyndan çykyp, ummana gaçdy. 

«Ejir çeken we pida bolan ýok» diýip, Somaliniň Raýat awiasiýasy edarasynyň baş direktory Ahmed Moalim Hasan beýanat berdi.