Turkmenportal logo
Şu gün 08:57
82048204
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Prezidentini Ynkylap güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH ýazýar.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň goňşy Eýran Yslam Respublikasy bilen köp asyrlara uzaýan gatnaşyklarynyň bardygyny belläp, ýurtlaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkiana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Eýranyň halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.