Turkmenportal logo
Şu gün 08:26
86298629
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy sentýabr aýynda ulanmaga berler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň häzirki wagtda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan täze binalar toplumyny gurluşygyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda tamamlamak we ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Türkmenabat şäherinde 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Nahal» hojalyk jemgyýeti alyp barýar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetindeý habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 26 gektar çemesi meýdanda ýerleşýän bu döwrebap bilim ojagynyň binalarynda esasy gurluşyk işleriniň tamamlanyp, içki bezeg işleriniň ýokary depginde alnyp barylmagy bu hojalyk jemgyýetiniň täze okuw ýylyna toý serpaýly barjakdygyna güwä geçýär.

Baýry ýokary okuw mekdebiniň täze mekany dolandyryş-okuw binasyny, bu ýerde ýerleşýän 700 we 200 orunlyk mejlisler zalyny, fakultetler üçin 2 sany okuw binalaryny, mugallymlara niýetlenen 12 öýli bir sany, talyp ýaşlar üçin 2 müň orunlyk 5 sany umumy ýaşaýyş jaýlaryny, 1000 orunlyk naharhanany, 700 orunlyk kitaphanany, 500 orunlyk stadiony, sport zalyny we 3 sany sport meýdançany, her biri 200 awtoulaga niýetlenen açyk we bassyrmaly awtoduralgalary öz içine alýar. Şeýle-de bu taslamanyň çäginde hojalyk maksatly hem-de beýleki tehniki we hyzmat binalary ýerleşýär.

Häzirki wagtda gurluşygyň esasy işleri tamamlanyp, binalaryň içki bezeg we diwarlaryň gaplama işleri alnyp barylýar. Binalaryň gurluşyk we bezeg işlerinde öz Türkmenistanda öndürilýän we dünýäniň ösen döwletlerinden getirilen gurluşyk serişdeleri peýdalanylýar. Toplumyň çägindäki umumy ýaşaýyş jaýlarynda mebelleri ýerleşdirmek işlerine girişilendigini bellemek bolar. 

Ýakyn wagtlarda binalar toplumynyň ählisinde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Britaniýadan, Ýaponiýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Italiýadan, Türkiýeden we dünýäniň beýleki ösen döwletlerinden getirilýän kämil tehnologiýalary oturtmak işlerine taýýarlyk görülýär.