Turkmenportal logo
Şu gün 08:06
61386138
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Multkonsertiň» ikinji bölümi geçiriler

Tomaşaçylaryň köp sanly haýyşlary boýunça Tahyr Ataýewiň orkestri iň meşhur multfilmlerden we seriallardan saundtrekleri janlandyrjak «Multkonsert» atly konsertiniň ikinji bölümini taýýarlady.

«Multkonsert» 27-nji fewralda paýtagtymyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriler.

Agşamyň maksatnamasynda «Moana», «Kokonyň syry», «Enkanto», «Şrek» multfilmleriniň aýdymlary, şeýle-de «Wensdeý», «Örän geň zatlar» seriallarynyň hem-de Huntrix taslamasynyň hitleri ýaňlanar.

Konsert sagat 19:00-da başlanar.

Biletleri satyn almak barada maglumatlar boýunça şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: 55-90-15; 862-53-28-71.