Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, iki doganlyk ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem myhman Türkmenistanyň ykdysadyýetde ýokary üstünlikleri gazanýandygyny aýdyp, her gezek ýurda sapar bilen gelende hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli syýasatyň dürli ugurlardaky oňyn netijeleriniň şaýady bolýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň Aşgabatdaky sergisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän bu sergi iki ýurduň özara bähbitli işewürlik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösmegine itergi berýän möhüm çäreleriň biridir. Döwlet Baştutany Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasynyň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzakmöhletleýin strategik häsiýete eýedigini, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň hemişe özara hormat goýmaga we birek-birege goldaw bermäge esaslanýandygyny aýtdy.
Myhman Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini ýokary derejede geçirmäge beren goldawlary üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan etdi.
Döwlet Baştutany ýurduň türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge we netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.